Gasynlanan gatykagyz
Gasynlanan gatykagyzyň ulanylşy ýüzýyllar bäri ulanylyp gelýär. Onuň ýasalmagynyň esasy sebäbi, diňe bir gaplamak üçin niýetlenen material däl eýsem önümleri daşky oňaýsyz täsirlerden goramak üçin çydamly material gerek bolanlygy sebäpli ýasalmaga başlanandyr.
Gasynlanan gatykagyzdan ýasalan gap köp halatda ikinji gaplaýyş serişdesi hökmünde ulanylýar, sebäbi ol gorag jähetden sada gatykagyzdan ýasalan gapdan has çydamlydyr. Gatykagyz ýapragy gasynlanan gatlagyň üstüne ýelmenen kagyz gatlaryndan emele gelýär, bular goragy we mäkämligini güýçlendirýär. Gasynlanan gatlaryň sany önümiň goragynyň zerurlylygyna baglydyr. Gasynlanan gatykagyzdan ýasalan gaplaryň berkligi şeýle berkdir welin hat-da kä halatlarda agaç gutylaryň deregine hem ulanylyp bilinýär. |